Türkmenistanyň ilçisi Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi bilen duşuşdy

  • 30.01.2026 18:19
  • 4.9k+

Türkmenistanyň Bakuwdaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi, Prezident Diwanynyň Daşary syýasat meseleleri bölüminiň müdiri Hikmet Hajiýew ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Taraplar 2025-nji ýylyň netijelerini seljerip, ony döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm tapgyr hökmünde häsiýetlendirdi. Geçen döwrüň ýokary derejeli saparlar we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giňelmegi bilen utgaşandygy bellenildi.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary netijesinde energetika, söwda we ulag ulgamlarynda, şol sanda Orta geçelgäni ösdürmekde hyzmatdaşlygyň berkeýändigini nygtady.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen halkara forumlaryň we çäreleriň tertibine seretdi. 2026-njy ýylyň güýzünde Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň 8-nji Konsultatiw duşuşygyna görülýän taýýarlyga aýratyn üns berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Azerbaýjanyň bu formata doly hukukly agza hökmünde gatnaşmagynyň sebit gepleşikleriniň işjeňleşmegine ýardam etjekdigini belledi.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....