Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylaryna Döwlet sylaglary we nobatdaky harby atlary gowşuryldy

  • 30.01.2026 19:55
  • 6.7k+

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda döwlet sylaglarynyň gowşuryş dabarasy geçirildi. Gullugyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, bu çäre Watan goragçylarynyň güni mynasyberli geçirildi.
Ýurduň Belent Serkerdebaşysynyň Permanyna laýyklykda, gullukda tapawutlanan harby gullukçylaryň birnäçesi Türkmenistanyň «Mälikguly Berdimuhamedow» medaly, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, Türkmenistanyň «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medalynyň II we III derejeleri bilen sylaglandylar. Olara nobatdaky ýokary harby atlary dakyldy.
Sylaglara we harby atlara mynasyp bolan gümrükçiler Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, mundan beýläk-de Watana ak ýürekden gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.

 


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......