Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kanadanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

  • 28.01.2026 15:06
  • 1.9k+

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi  (oturýan ýeri Astana şäherinde) Kristofer Daggan bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça çemeleşmeleriň ýakynlygyny belledi. Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi. Söhbetdeşler halkara meýdançalarda bilelikdäki işiň netijeliligini nygtap, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlary özara goldamak tejribesini dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdi.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, duşuşyga gatnaşyjylar şu ýylyň dowamynda daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmek mümkinçiliklerine garady. Şeýle hem döwletleriň arasynda şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.
Taraplar netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we syýasy-diplomatik dialogy berkitmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.


düýn 16:02
866

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3.5k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......