Raşid Meredow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçysy bilen onlaýn duşuşyk geçirdi

  • 31.01.2026 11:33
  • 1.2k+

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy boldy. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnukly ösýändigi bellenilip, munuň iki ýurduň arasyndaky dialogyň ýokary derejesini görkezýändigi nygtaldy.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň sentýabrynda Germaniýa bolan iş saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-german işewürlik forumyna gatnaşandygyny ýatlap geçdi. Şol wakanyň işewürlik gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine ýardam edendigi bellenildi.
Şeýle-de, 2024-nji ýylyň sentýabrynda Astanada «Merkezi Aziýa – Germaniýa» dialogynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Germaniýanyň Federal kansleri Olaf Şols bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşygynyň hem-de german işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçirilen gepleşikleriň ähmiýeti nygtaldy.
Taraplar özara Ykdysadyýet günleriniň, işewürlik forumlarynyň we ykdysady sergileriň yzygiderli geçirilmeginiň netijeliligini belledi. Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň hem-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň döwletara gatnaşyklary amaly taýdan ösdürmekdäki orny aýratyn bellenildi.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....