Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy Kataryň Atçylyk federasiýasy bilen ähtnama gol çekdi

  • 31.01.2026 20:10
  • 4.6k+

2026-njy ýylyň 29-31-nji ýanwary aralygynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň wekiliýetiniň Katar Döwletine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Kataryň Atçylyk federasiýasy bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu ylalaşyk ylym, bilim, innowasiýalar we atçylyk sporty ugrundaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir diýip, Akademiýanyň saýty habar berýär.
Ähtnama Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Prezidenti Bader Mohammed Al-Darwişiň, Kataryň Emiriniň «Al Shaqab» atçylyk toplumynyň ýerine ýetiriji başlygynyň orunbasary Halid Abdulla Al-Hatmiň we Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň rektory, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Halk atşynasy Pygy Baýramdurdyýewiň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda gol çekildi.
Bu ylalaşyk atçylyk sporty ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadyny berkitdi, şeýle hem tejribe alyşmakda we pudak üçin hünärmenleri taýýarlamakda täze mümkinçilikleri döretdi. Resminama iki ýurduň degişli bilim we sport düzümleriniň arasyndaky özara hereketleri ösdürmegi göz öňünde tutýar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar bu hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky ynsanperwer we sport ulgamlaryndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňelmegine ýardam etjekdigini belledi.


01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......