Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

  • 21.05.2026 17:50
  • 2.3k+

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim ulgamynda emeli aňy ulanmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy diýip, «Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Esasy üns emeli aňy okatmagyň hilini ýokarlandyrmak hem-de mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň, mugallymlaryň we dolandyryş işgärleriniň arasynda emeli aň sowatlylygyny ösdürmek üçin ulanmaga gönükdirildi.

Türkmen wekilleri bilimi sanlylaşdyrmak, elektron bilim platformalaryny ösdürmek hem-de okuwçylaryň ýetişigi, sapaklara gatnaşygy, okuw ýüki we bilimiň netijeleri baradaky maglumatlara esaslanýan analitiki ulgamy döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

OpenAI kompaniýasynyň wekilleri käbir okuw mekdeplerinde ChatGPT Edu ýa-da şuňa meňzeş beýleki çözgütleri synag hökmünde ornaşdyrmak mümkinçilikleri barada gürrüň etdi. Duşuşykda mugallymlary taýýarlamak, emeli aňy howpsuz ulanmak, maglumatlary goramak, akademiki dogruçyllyk we bu gurallaryň bilim netijelerine ýetirjek täsirini bahalandyrmak ýaly meseleler maslahatlaşyldy.

Şeýle hem taraplar emeli aňyň bilimiň hiline, okuwçylaryň özbaşdaklygyna we okatmagyň netijeliligine ýetirýän täsirini seljermek üçin geljekki taslamalara ylmy-gözleg bölegini goşmak baradaky pikiri gözden geçirdi.

Özara hyzmatdaşlygyň indiki ädimleriniň hatarynda synag başlangyçlarynyň görnüşlerini öwrenmek, bilimde emeli aňy ulanmagyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, şeýle hem talyplaryň arasynda hakatonlary we beýleki amaly çäreleri geçirmek mümkinçilikleri görkezildi.

Bu duşuşyk türkmen wekiliýetiniň forumyň sanly özgertmelere we bilim tehnologiýalaryna bagyşlanan tematiki ugurlaryna hem-de ikitaraplaýyn gepleşiklerine gatnaşmagynyň çäginde amala aşyryldy.


08.06.2026 23:01
2.7k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

02.06.2026 20:35
4k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
3.1k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.2k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......