Daşoguzda dessançy bagşy-sazandalaryň festiwaly geçiriler

  • 31.01.2026 01:25
  • 1.5k+

Şu ýylyň mart aýynda Daşoguz welaýatynda «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwal geçiriler. Bu medeni çärä görülýän taýýarlyk barada 30-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Meýilnama laýyklykda, festiwala ýurduň dessançy bagşylarynyň, sazandalarynyň, medeniýet ugurly okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Medeni çäräniň çäklerinde «Dessançy bagşylar joşa gelende» atly ylmy-amaly maslahatyň, «Bagşy dessan aýdanda» atly konsertiň, halypa dessançy bagşylaryň ussatlyk sapaklarynyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda beýan edilýän dessançylyk ýoluna bagyşlanan döredijilik duşuşyklarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutany Daşoguz welaýatynda geçiriljek festiwala hem-de ylmy-amaly maslahata düýpli taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.


şu gün 00:03
2.7k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.7k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

düýn 11:31
2k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......