Türkmenistanyň DIM-inde Gruziýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

  • 30.01.2026 18:15
  • 1.1k+

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili bilen duşuşygy boldy.
Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdy. Iki döwletiň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi.
Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek meselelerine aýratyn üns berdi. Ileri tutulýan ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy. Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.


şu gün 00:49
533

Türkmenistanyň wekiliýeti Londona — IMO-nyň ştab-kwartirasyna ugrarlar

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hem-de beýleki degişli edaralaryň wekiliýetleri 2026-njy ýylyň dowamynda Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Londondaky ştab-kwartirasyna guraljak saparlara gatnaşar...

düýn 09:38
1.2k+

Türkmenistanyň DIM-inde HZG-niň wekilleri bilen pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi...

düýn 09:35
859

Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory Piter Wan Rooý bilen duşuşyk geçirdi...

12.03.2026 20:33
1.3k+

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Tokioda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramowyň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň we Tokio atçylyk toplumynyň ýolbaşçylary Ito Hiroşi hem-de Ýoşikazu Masuda bilen duşuşygy geçirildi...