Hywada suw hojalyk meseleleri boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

  • 02.02.2026 00:53
  • 2.7k+

30-njy ýanwarda Hywada Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T. Atahallyýew, özbek wekiliýetine bolsa Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň oba hojalygyny ösdürmek meseleleri boýunça geňeşçisi Ş. Ganiýew ýolbaşçylyk etdi. Maslahata irrigasiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine jogapkär ministrlikleriň hem-de döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar sebitiň azyk howpsuzlygyny we durmuş-ykdysady durnuklylygyny üpjün etmekde suw serişdelerini dolandyrmak ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýetini nygtady.
Taraplar suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça tehnologiýalary ornaşdyrmak, suw serişdelerine gözegçilik etmek we hasaba almak mehanizmlerini kämilleşdirmek meselelerine seretdi. Wekiller howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we suw üpjünçiligi üçin töwekgelçilikleri azaltmak boýunça görülýän çärelere aýratyn üns berdi.
Duşuşygyň barşynda yzygiderli ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmäge we hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmäge ygrarlylyk tassyklanyldy.
Mejlisiň netijeleri boýunça taraplar Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekdi.


düýn 22:17
501

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
2.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......