Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki işleriň guralyşyna nägilelik bildirdi

  • 28.01.2026 06:19
  • 15k+

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda ol ýerde iş maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we şäher häkimi G.Mämmedowa gatnaşdy, diýip TDH habar berýär.
Iş maslahatynyň dowamynda dürli desgalaryň gurluşyk depgini we sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, «Ahalteke atlary» şaýolunyň gurluşygy hem-de ol ýerde oturdylmagy meýilleşdirilýän bedew heýkelleriniň ýerleşdiriliş aýratynlyklary barada maglumat berildi.
Bellenilişi ýaly, şäher gurluşygynyň ikinji tapgyrynda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň jemi 220-den gowragy gurulýar. Şunda umumybilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow ähli işleriň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», häzirki zaman talaplaryna we halkara standartlara laýyk gelmelidigini nygtady.
Ol ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary düzülende we olaryň bezeg işlerinde raýatlaryň pikirleriniň nazara alynmalydygyny belledi. Şeýle-de bilim edaralarynyň, mekdepleriň otaglary her bir derse mynasyp derejede enjamlaşdyrylmalydygy aýdyldy.
Halk Maslahatynyň Başlygy soňky wagtda häkimlik tarapyndan alnyp barylýan işlerde haýal-ýagallyga ýol berilýändigine we işleriň guralyşynyň talabalaýyk däldigine nägilelik bildirdi. Ol bu ugurdaky işleriň häzirki zaman talabyna laýyk derejede guralmalydygyny, şäheriň abadançylyk we arassaçylyk ýagdaýynyň yzygiderli üns merkezinde saklanmalydygyny, ähli işlere gözegçiligiň has-da güýçlendirilmelidigini aýratyn nygtady.

Ol meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň depgininiň şu ýylyň şygaryna kybap gelmelidigini belledi.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......