Türkmen eminleri Indoneziýada geçirilýän futzal boýunça Aziýa kubogynda işleýär

  • 31.01.2026 11:38
  • 4.5k+

Indoneziýada futzal boýunça 18-nji Aziýa kubogynyň final tapgyry geçirilýär, ol 7-nji fewrala çenli dowam eder. Ýaryşyň eminler düzüminde Türkmenistanyň iki wekili bar.
FIFA-nyň emini Timur Ramazanow eýýäm «C» toparçasynda toparlaýyn tapgyryň Ýaponiýanyň we Awstraliýanyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyna eminlik etdi. Ol Bahreýnden emin Abdulrahman Al-Doseri bilen bilelikde işledi. Duşuşyk Ýaponiýanyň ýygyndysynyň 6:2 hasabynda utmagy bilen tamamlandy. Şol toparçanyň beýleki oýnunda Özbegistanyň we Täjigistanyň ýygyndylary deňme-deň (0:0) oýnady.
Ýaryşyň ikinji tapgyrynda Timur Ramazanow üçünji emin hökmünde işe çekildi. Ol «A» toparçanyň Yragyň we Koreýa Respublikasynyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyga eminlik eder.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýene bir wekili Wadim Baratow bolsa ýaryşda eminleriň gözegçisi wezipesini ýerine ýetirýär. Ol eminlik etmegiň halkara düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik edýär we yklym birinjiliginiň oýunlarynda eminler toparlarynyň işine baha berýär.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....