Magtymguly adyndaky TDU-nyň «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» elektron žurnaly dörediler

  • 31.01.2026 01:38
  • 1.1k+

30-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly täze ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalyny döretmek baradaky teklibi hödürledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Ýurduň bilim we ylym ulgamlaryndaky öňdebaryjy tejribelerini ýaýmaga gönükdirilen täze elektron neşirde professor-mugallymlaryň, alymlaryň we talyp ýaşlaryň ylmy makalalaryny türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde köpçülige ýetirmek göz öňünde tutulýar. Žurnalyň sahypalarynda milli mirasyň, filologiýanyň, hukuk ylymlarynyň we psihologiýanyň döwrebap meseleleri, şeýle hem bilimiň önümçilik bilen özara baglanyşygyny pugtalandyrmak boýunça gazanylan oňyn netijeler öz beýanyny tapar.
Sanly žurnalyň döredilmegi ýaşlary täze ylmy açyşlara we innowasion oýlap tapyşlara höweslendirmekde hem möhüm ähmiýete eýe bolar.
Serdar Berdimuhamedow ýurtda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin ähli şertleriň döredilýändigini belläp, «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly elektron žurnalyny döretmek baradaky teklibi goldady we bu ugurda degişli işleri geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.


düýn 07:39
3k+

TOHI-niň mugallymlary Moskwadaky halkara bäsleşiklerde uly üstünlik gazandy

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim edaralary tarapyndan guralan halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, ýokary orunlary eýeledi....

08.06.2026 23:01
2.8k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

01.06.2026 17:06
3.1k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.2k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......