D. Azady adyndaky TMDDI ýokary synp okuwçylary üçin dil olimpiadalaryny geçirer

  • 31.01.2026 18:12
  • 2.8k+

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Türkmenistanyň orta umumybilim berýän mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary üçin dil olimpiadalaryna gatnaşmak barada arzalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi.
Olimpiadalara gatnaşmaga Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, şeýle hem ýurduň welaýatlarynyň mekdepleriniň 11–12-nji synp okuwçylary çagyrylýar. Institut mart we maý aýlary aralygynda türkmen, iňlis, fransuz, rus we nemes dilleri boýunça bäş olimpiada geçirer.
Bellenen tertibe görä, olimpiadalaryň geçiriljek wagty:

·           14-nji mart: türkmen dili boýunça II olimpiada;

·           28-nji mart: iňlis dili boýunça IV olimpiada;

·           4-nji aprel: fransuz dili boýunça III olimpiada;

·           2-nji maý: rus dili boýunça IV olimpiada;

·           16-njy maý: nemes dili boýunça III olimpiada.

Her bir olimpiada iki tapgyrdan ybarat. Birinji tapgyr düzme (esse) ýazmagy göz öňünde tutýar we uzak aralykdan (onlaýn) geçirilýär. Ikinji tapgyr bolsa institutyň binasynda test görnüşinde geçirilýär.
Ýeňijiler iki tapgyrda alnan utuklaryň jemi boýunça kesgitleniler. Olar diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanar. Baýrakly orunlary eýelän okuwçylary taýýarlan mugallymlara bolsa Hormat hatlary gowşurylar.
Guramaçylyk komitetleriniň düzümi D. Azady adyndaky TMDDI-niň mugallymlaryndan we professorlaryndan, şeýle hem institutyň hyzmatdaşy bolan daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekillerinden ybarat bolar. Gatnaşmak we hasaba durmak baradaky jikme-jik maglumatlar ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda ýerleşdirildi.


01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......