Türkmenistanda talyplaryň arasynda «IT-Zehin: Sanly Synag – 2026» hakaton bäsleşigi geçiriler

  • 31.01.2026 03:36
  • 1.5k+

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 20–21-nji aprel aralygynda onlaýn formatda «IT-Zehin: Sanly Synag – 2026» atly talyplar hakatonyny geçirer. Bu barada maglumaty ýokary okuw mekdebiniň metbugat gullugy berýär.
Intellektual bäsleşige gatnaşmaga ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýar. Bäsleşik toparlaýyn we aýratynlykda gatnaşylýan görnüşde geçirilýär. Her bir okuw edarasy üç talypdan ybarat bolan bir topary hödürläp biler. Çäräniň maksatnamasy test soraglaryny öz içine alýar we olary ýerine ýetirmek üçin 60 minut wagt berilýär.
Eminler toplanan utuklaryň esasynda Gran-pri baýragynyň eýesini kesgitlär. Şeýle-de, baýrakly orunlaryň hatarynda iki sany birinji, dört sany ikinji we bäş sany üçünji orun göz öňünde tutulýar. Ýeňijiler degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanar.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler bellenen nusga boýunça doldurylan anketany 6-njy aprele çenli sedahojayev06@gmail.com elektron salgysyna ugratmalydyr. Goşmaça maglumatlar institutyň resmi saýtynda ýerleşdirilen.
Hakaton bäsleşiginiň guralmagy ýaşlaryň döredijilik we innowasion ukyplaryny ösdürmäge, IT-başarnyklaryny, seljeriş ukybyny hem-de topar bolup işlemek başarnygyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.


01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......