Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan harby we hukuk goraýjy edaralara awtoulaglar sowgat berildi

  • 28.01.2026 14:41
  • 20k+

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralara Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň adyndan döwrebap awtoulaglar sowgat berildi. Dabara Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynda geçirildi diýip, «Milli goşun» žurnaly habar berýär.
Suratlardan görnüşi ýaly, sowgat berlen awtoulaglar orta göwrümli Mercedes-Benz GLE-Class krossowerleridir.
Döwlet Baştutanynyň tagallalary bilen täze tehnikalary hem-de tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, döwrebap awtoulaglary satyn almagyň netijesinde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Bu işler harby gullukçylaryň iş netijeliligini we harby hünäre höwesini artdyrmaga gönükdirilendir.
Täze awtoulaglary baýramçylyk sowgady hökmünde kabul eden harby gullukçylar döwlet Baştutanyna Watan goragçylaryna berýän ünsi we aladasy üçin minnetdarlyk bildirdi.

 


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......