«Ýaş tebigatçy» we «Watan» gazeti döredijilik bäsleşigini yglan etdi

  • 31.01.2026 18:06
  • 2.1k+

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy «Watan» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli «Bagy-bossan Watanym!» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.
Bäsleşik ýurduň tebigatynyň gözelligini gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň abadançylygyna goşant goşmak hem-de ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek baradaky işleri gazet sahypalarynda çap etmäge gönükdirilendir.
Bäsleşige gatnaşmaga «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi agzalary çagyrylýar. Bäsleşige ozal hiç ýerde çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik makalalar, goşgular, kyssa eserleri hem-de dürli žanrlardaky döredijilik işleri kabul edilýär.
Işleriň mazmuny ýurduň «ýaşyl» ösüşine, Garaşsyz Watanymyzda parahatçylyga we tebigatyň abadançylygyna, daşky gurşawy gorap saklamaga her bir adamyň goşýan şahsy goşandyna, şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän 2026-njy ýylyň üstünliklerine bagyşlanyp bilner.
Gatnaşyjylar öz işleri bilen bilelikde özleri baradaky maglumatlary: okaýan ýa-da işleýän ýerini, öý salgysyny we habarlaşmak üçin telefon belgilerini ibermelidir.
Döredijilik eserleri «“Bagy-bossan Watanym!” atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen 
watan@sanly.tm elektron poçtasy boýunça 2026-njy ýylyň 16-njy sentýabryna çenli kabul edilýär. Bäsleşigiň netijeleri 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda jemlener.
Ýeňijilere Hormat hatlary we gymmatly sowgatlar gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 38-61-05, 38-61-07, 38-61-16, 38-61-17, 39-84-30.


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......