TTII we Dohanyň ylym we tehnologiýa uniwersiteti hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdylar

  • 28.01.2026 16:18
  • 2k+

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen Doha ylym we tehnologiýa uniwersiteti ylmy we akademiki hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.
Resminama gol çekmek dabarasy 2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň bilim ministri J. Gurbangeldiýewiň uniwersitetiň rektory Salem Nasser Al-Naiminiň ýolbaşçylygyndaky Kataryň wekiliýeti bilen duşuşygynyň çäklerinde boldy.
Baglaşylan ylalaşyk bilelikdäki ylmy-gözleg taslamalaryny durmuşa geçirmek, talyplaryň we mugallymlaryň tejribe alyş-çalyş maksatnamalaryny guramak, şeýle-de döwrebap tehnologiýalar ulgamynda özara hyzmatdaşlyk etmek üçin hukuk binýadyny emele getirýär.
Kataryň wekiliýeti saparyň dowamynda Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen hem gepleşikleri geçirdi.
Türkmen tarapy sanly ulgamlar, inženerçilik ugurlary, maglumat howpsuzlygy we innowasion okuw maksatnamalary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek barada başlangyçlary hödürledi. Kataryň wekiliýeti teklip edilen taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.
Bu sapar Türkmenistanyň bilim ministriniň 2024-nji ýylda Doha şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň dowamy boldy. Strategik hyzmatdaşlyk innowasion ösüşe we bäsdeşlige ukyply hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.


01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......