Tähranda YHG-yň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

  • 29.01.2026 16:03
  • 4.5k+

27-nji ýanwarda Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň gidişine garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Mejlisiň dowamynda Gurama tarapyndan maksatnamanyň üçünji ileri tutulýan ugry bolan «Üstaşyr, ulag we özara baglanyşyk» atly bölümini YHG-yň sebitinde amala aşyrmak boýunça taslama hödürlendi. Geňeş bu teklibi, şeýle hem ony iş ýüzünde durmuşa geçirmäge bagyşlanan duşuşyklaryň guralmagyny goldady.
Türkmenistanyň ilçisi, YHG-yň ýanyndaky Hemişelik wekili I. Gaýypow bu başlangyjyň goldanylandygy üçin YHG-yň Sekretariatyna we agza döwletleriň wekillerine minnetdarlyk bildirdi hem-de taslamany ýerine ýetirmekde ähli taraplaryň işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini belledi.
Şeýle-de, mejlise gatnaşyjylara «2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy we YHG sebiti» atly mowzuk boýunça BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Gurama tarapyndan alnyp barlan işler hem-de öňde duran meýilnamalar barada maglumat berildi.
Mundan ozal, türkmen tarapynyň teklibi bilen maksatnamanyň üçünji ileri tutulýan ugry YHG-yň ýakyn wagtda kabul edilmegine garaşylýan «Ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik maksatlary — 2035» resminamasynyň taslamasynda öz beýanyny tapypdy. Şeýle-de, YHG-yň resmi saýtynda Hereketleriň Awaza maksatnamasyna bagyşlanan ýörite bölüm döredildi.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....