Türkmenbaşy şäherinde polisiýa işgärleriniň maşgalalary üçin täze jaýlar ulanmaga berildi

  • 30.01.2026 04:18
  • 6.7k+

Kenarýaka Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin gurlan, her biri 24 maşgala niýetlenen iki sany dört gatly täze ýaşaýyş jaýynyň dabaraly açylyşy boldy.
Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan dabarada welaýat we şäher häkimlikleriniň wekilleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.
Çykyş edenler ýurtda harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, harby gullukçylaryň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň maşgalalary üçin ähli şertleriň döredilýändigini bellediler. Täze jaýlaryň eýelerini Watan goragçylarynyň güni we täze jaýlaryň ulanylmaga berilmegi bilen gutladylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan binalaryň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar berildi. Täze jaýlaryň eýelerine öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Hormatly ýaşulularyň ak pata bermeginden soň, dabara gatnaşyjylar öýleriň içine aýlandylar. Täze öýler döwrebap mebeller, hojalyk tehnikalary we ähli zerur amatlyklar bilen üpjün edilipdir.


şu gün 17:48
1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

şu gün 12:12
1.7k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

düýn 10:07
2.8k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.4k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....