Arkadag şäherinde «Galkynyş» toparynyň halkara derejesindäki nobatdaky üstünligi bellenildi

  • 29.01.2026 12:40
  • 7.2k+

Arkadag şäherinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejesindäki nobatdaky üstünligine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, ýaňy-ýakynda Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda türkmen topary sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasynyň we Ýewropa sirk assosiasiýasynyň halkara şahadatnamalaryna mynasyp boldy.
Arkadag şäherindäki dabaraly çäre Gökdepe we Akhan şaýollarynyň çatrygyndaky döwrebap köpriniň ýanyndan badalga alyp, şäheriň köçeleriniň ugry boýunça atly ýöriş bilen dowam etdi. «Galkynyş» toparynyň agzalary ahalteke bedewleriniň üstünde we halkara baýraklaryny ellerinde saklap, paýtun arkaly hatar gurap geçip gitdiler. Ýöriş aýdym-sazly we tansly çykyşlar bilen utgaşdy, oňa şäheriň ýaşaýjylary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdy.
Baýramçylyk ýörişi «Taýçanak» binasynyň ýanyndan geçip, Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň öňünde tamamlandy. Bu ýerde dabaranyň esasy bölegi geçirildi. Sirkiň eýwanynda ahalteke bedewlerine we şöhratly toparyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan sergi guraldy.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......