Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki ýol-ulag düzüminiň desgalary bilen tanyşdy

  • 28.01.2026 05:54
  • 8.9k+

27-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ol şäherde gurluşygy dowam edýän dürli maksatly desgalaryň, şaýollaryň we köprüleriň gurluşyk-modernizasiýa işleriniň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Milli Liderimiz ilki bilen Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygyndaky döwrebap köprini synlady. Bu ýerde ol köprüleriň uzak möhletleýinlik we oňaýlylyk görkezijilerine, şeýle hem ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Ýol-ulag düzümine degişli desgalar merkezi şaýollaryň ugrunda bina edilende, olaryň üstünden ýük awtoulaglarynyň geçip bilmegi bilen bagly meseleler göz öňünde tutulmalydygyna aýratyn üns çekildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy halkymyzyň köpri gurmagy we ýol çekmegi sogap iş hasaplaýandygyny belläp geçdi.
Ol köpriniň germewleriniň hili we gurluşy barada birnäçe bellik etdi we maslahatlaryny berdi. Şeýle hem köpriniň ýanaşyk ýerlerinde häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän gök zolaklaryň döredilmelidigi nygtaldy.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Ýolugra gurluşygy batly depginde dowam edýän ýaşaýyş jaýlaryny, önümçilik we durmuş maksatly binalary synlady. Täze desgalaryň halkymyz üçin täze iş orunlaryny döretmekde we amatly ýaşaýyş şertlerini kemala getirmekde uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Halk Maslahatynyň Başlygy aýratyn-da bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň iň täze sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy barada anyk maslahatlaryny berdi.
Iş saparynyň ahyrynda ol  Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy 
D.Orazowyň we şäheriň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda Arkadag şäherini ösdürmegiň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň depginini ýokarlandyrmak, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....