Türkmenistan Halkara hukugyň ýyly baradaky başlangyja bagyşlanan çärelere taýýarlanýar

  • 31.01.2026 02:15
  • 2.3k+

30-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň Meýilnamasy barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek barada öňe süren başlangyjyny amala aşyrmagyň çäklerinde bellenilen Meýilnamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Şeýle-de, bu ugurda BMG-niň Sekretariatynyň Hukuk meseleleri boýunça müdirligi bilen hyzmatdaşlyk etmek we BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda degişli Kararnamanyň taslamasyny hödürlemek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň bitaraplygy» atly Milli konsepsiýany taýýarlamak, ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ylmy-amaly maslahatlary, brifingleri hem-de sebitleýin forumlary guramak göz öňünde tutulýar. Meýilnamanyň çäklerinde hukuk bilimini ýokarlandyrmak üçin okuw gollanmalaryny işläp düzmek, ýaşlaryň arasynda ylmy iş we düzme ýazmak boýunça bäsleşikleri geçirmek hem-de Daşary işler ministrliginiň internet sahypasynda ýöriteleşdirilen maglumat bölümini açmak meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutany hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


11.06.2026 22:20
6.1k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....