ÝUNISEF Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny ilerletmek üçin täze Ýurt Maksatnamasyny işe girizýär

  • 29.01.2026 13:56
  • 4.4k+

ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlykda 2026–2030-njy ýyllar üçin täze Ýurt Maksatnamasyny resmi taýdan işe girizdi. Bu ädim her bir çaganyň sagdyn bolmagyny, bilim almagyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Maksatnama milli ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň Milli Meýilnamasyna (2023-2028-nji ýyllar) we Durnukly ösüş maksatlaryna esaslanmak bilen, Hökümetiň çagalaryň hukuklaryny goramaga ygrarlylygyny görkezýär.
Geljek bäş ýylyň dowamynda bilelikdäki tagallalar enäniň we çaganyň saglygyny goramak ulgamyny berkitmäge, inklýuziw we ýokary hilli bilimi ornaşdyrmaga, şeýle hem çagalaryň goragyna we zorlugyň öňüni almaga gönükdiriler. Täze maksatnamada klimat durnuklylygy meselelerine we çagalary häzirki hem geljekki adatdan daşary ýagdaýlardan goramak üçin maksatnamalara aýratyn üns berilýär.
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna täze maksatnamanyň Hökümetiň çagalara gatnaşykda öňdebaryjylygyna esaslanýandygyny we raýat jemgyýeti hem-de ýaşlar, ene-atalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek arkaly uzak möhletleýin netijeleri gazanmaga gönükdirilendigini belledi.
Geljekki tapgyryň üstünligi 2021–2025-nji ýyllar üçin niýetlenen maksatnamanyň gazananlaryna esaslanýar. Bu döwürde ýurtda immunizasiýa bilen gurşap almak görkezijisi durnukly ýagdaýda 95%-den ýokary boldy, 80 000-den gowrak çaga bolsa synag lukmançylyk merkezlerinde irki ösüş hyzmatlary berildi.
Şeýle-de, öňki ýyllaryň möhüm netijeleriniň biri unuň witamin-mineral goşundylary bilen baýlaşdyrylmagy we 7000-den gowrak maşgala, şol sanda maýyplygy bolan adamlara toplumlaýyn durmuş goldawynyň berilmegidir. Täze strategiýanyň çäklerinde ÝUNISEF Türkmenistana netijeli çözgütleri giňeltmekde, deňsizligi aradan aýyrmakda we ýüze çykýan kynçylyklara garşy durmak üçin milli ulgamlary berkitmekde goldaw bermegini dowam etdirer.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......