Tbilisiniň Ýunus Emre adyndaky institutynda Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

  • 28.01.2026 15:02
  • 1k+

2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Tbilisi şäherinde Bütindünýä türki diller maşgalasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Duşuşyk Ýunus Emre adyndaky institutyň binasynda boldy.
Çärä Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem işgärleri gatnaşdy. Şeýle-de, söhbetdeşlige ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we professorlary goşuldy. Ýygnananlar ÝUNESKO-nyň 15-nji dekabry Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni diýip yglan etmek baradaky çözgüdiniň dünýäniň lingwistik köpdürlüligini goldamakda we maddy däl medeni mirasy gorap saklamakda möhüm ädim bolandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow öz çykyşynda türki dilleriň halklaryň taryhy we pelsepewi tejribesini özünde jemleýän nesilleri baglanyşdyryjy gural hökmündäki ähmiýetini belledi. Diplomat täze senäniň ylmy we durmuşy ähmiýetine-de aýratyn ünsi çekdi.
D.Seýitmämmedow Bütindünýä türki diller maşgalasynyň gününiň giň gerimli ylmy barlaglaryň geçirilmegine, türki dilleri gorap saklamaga, şeýle-de medeniýetleriň ýakynlaşmagyna we siwilizasiýalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyna gönükdirilen global dialogyň ösüşine ýardam etjekdigini nygtady.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......