Türkmenistanyň DIM-inde Russiýa bilen strategik hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

  • 30.01.2026 18:06
  • 1.3k+

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuzin bilen duşuşygy boldy.
Taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklady. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň we gatnaşyklaryň möhüm orun tutýandygy bellenildi.
M. Galuzin Türkmenistanyň halkara giňişligindäki işjeňligine ýokary baha berip, onuň ýurduň hemişelik Bitaraplyk derejesine doly laýyk gelýändigini nygtady.
Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna seredildi. Halkara meýdançalaryndaky özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň we Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi bellenildi.
Şeýle-de, GDA formatyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtalyp, onuň çäklerinde şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk edýändigi aýdyldy.
Mundan başga-da, diplomatlar halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdy.


düýn 23:05
934

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
811

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......