Türkmenistan we Italiýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýar

  • 27.01.2026 15:32
  • 3k+

Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.
Türkmen tarapy iki ýurduň arasyndaky dialogy ösdürmekde bilimiň esasy ugurlaryň biri hökmünde ähmiýetini belledi. Türkmenistanda milli bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň bolsa Türkmenistanyň 2052-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady ösüş Maksatnamasyna laýyklykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary giňeldýändigi nygtaldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara çäreleriň çäklerindäki soňky duşuşyklar bilen baglylykda türkmen-italýan dialogynyň ösdürilýändigine aýratyn üns çekildi.
Şeýle-de, italýan taslamalarynyň çäginde türkmen tarapynyň halkara bilim maksatnamalaryna we hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşygynyň giňelýändigi bellenildi. Häzirki wagtda dil we medeni ugurly okuwlar, mugallymlaryň we talyplaryň tejribe geçişleri, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň «Erasmus+» ýaly maksatnamalary we sebit derejesindäki başlangyçlary durmuşa geçirilýär.
Taraplar hereket edýän ikitaraplaýyn ylalaşyklara, türkmen ýokary okuw mekdeplerinde italýan diliniň okadylmagyna we bilelikdäki medeni-ynsanperwer çäreleriň guralmagyna aýratyn üns berdi.
Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşyldy. Hususan-da, italýan mekdep okuwçylaryna we talyplaryna şu ýylyň mart-aprel aýlarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän matematika boýunça halkara olimpiadalaryna gatnaşmak teklip edildi.


01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......