Türkmen talyplary Seulda we Çhunçhonda «Feel Korea! with KNU» maksatnamasyna gatnaşýar

  • 29.01.2026 12:32
  • 2.6k+

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary we pedagogika bilimi (koreý dili, türkmen dili we edebiýaty) ugrunyň talyplary 2026-njy ýylyň 19-njy ýanwary – 2-nji fewraly aralygynda Koreýa Respublikasynda gysga möhletli okuw maksatnamasyna gatnaşýar. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi bilen Kangwon milli uniwersitetiniň arasyndaky özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäginde guralýan «Feel Korea! with KNU» atly okuw maksatnamasy Seul we Çhunçhon şäherlerinde geçirilýär.
Maksatnamanyň dowamynda oňa gatnaşyjylar koreý dili boýunça amaly sapaklara gatnaşyp, özleriniň ýazuw we sözleýiş ukyplaryny, şol sanda gündelik gepleşik endiklerini kämilleşdirýär.
Okuw meýilnamasyndan daşary talyplar Çhunçhon we Seul şäherleriniň milli muzeýlerine we taryhy ýerlerine baryp, Koreýanyň baý medeni mirasy hem-de tebigy gözellikleri bilen ýakyndan tanyşdy.
Bu görnüşdäki okuw maksatnamalary dili tebigy gurşawynda öwrenmäge we nazary bilimleri tejribe bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Koreý halkynyň däp-dessurlary we durmuş ýörelgeleri bilen tanyşmak talyplaryň dünýägaraýşyny giňeltmek bilen, olaryň geljekde ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine hem-de halkara hyzmatdaşlygyna bolan gyzyklanmasynyň artmagyna uly goşant goşýar.


düýn 23:39
947

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.8k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......