Türkiýe 2025-nji ýylda Türkmenistanyň raýatlaryna 120 müňe golaý wiza berdi

  • 28.01.2026 15:31
  • 8.8k+

2025-nji ýylda Türkiýe Türkmenistanyň raýatlaryna, takmynan, 120 müň wiza berdi. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda aýtdy diýip, «Ata Watan Media» neşiri habar berýär.
Ilçiniň aýtmagyna görä, geçen ýyl ýokary derejeli saparlaryň we bilelikdäki taslamalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky strategik gatnaşyklar uly sepgitlere ýetdi.
«Iki doganlyk döwletiň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň, özara gatnaşyklary medeni we ynsanperwer ugurlarda aýratyn ähmiýete eýedir. Biz Türkmenistanda türk seriallaryna, filmlerine we aýdym-sazyna gyzyklanmanyň bardygyna begenýäris. Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň maglumatlaryna görä, geçen ýyl Türkmenistanyň 200 müň töweregi raýaty biziň ýurdumyza baryp gördi. 2025-nji ýylda biziň ilçihanamyz, takmynan, 120 müň wiza berdi» diýip, diplomat belledi.
Şeýle-de, ol Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin talyp haklaryny berýändigini habar berdi. 1992-nji ýyldan bäri bu mümkinçilikden 5 müňden gowrak türkmen talyby peýdalandy. 2025–2026-njy okuw ýylynda Türkiýede Türkmenistandan gelen 40 müňe golaý talyp ýokary bilim alýar. Talyp haky maksatnamasy üçin arzalar 2026-njy ýylyň 10-njy ýanwaryndan 20-nji fewraly aralygynda kabul edilýär.

 


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......