Türkmenistan bilen Marokkonyň diplomatlarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

  • 29.01.2026 13:01
  • 1.9k+

28-nji ýanwarda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna DIM-iň Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary bölüminiň başlygy, Marokko wekiliýetine bolsa Daşary işler, Aziýa we Okeaniýa işleri boýunça müdir Omar Kadiri ýolbaşçylyk etdi.
Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Taraplar halkara we sebit düzümleriniň netijeli hyzmatdaşlygyny, esasan-da, BMG-niň çäklerinde iki ýurduň öňe sürýän başlangyçlarynyň özara goldanylmagyny aýratyn nygtap geçdi.
Ileri tutulýan ugurlar hökmünde nebitgaz, himiýa, dokma senagaty, oba hojalygy we syýahatçylyk pudaklarynda gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirildi.
Şu nukdaýnazardan, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki topary döretmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy we iki ýurduň degişli ministrlikleriniň hem-de işewürleriniň gatnaşmagynda duşuşyklary guramagyň maksadalaýyklygy bellenildi.
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyp, diplomatlar bar bolan şertnama-hukuk binýadynyň ähmiýetini nygtady. Duşuşygyň ahyrynda taraplar ulag, bilim, ylym we daşary syýasat ugurlary boýunça täze ikitaraplaýyn resminamalary işläp taýýarlamak üçin dialogy işjeňleşdirmek barada ylalaşdy.


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......