7.7k+

Tom Kruz bilen Bred Pittiň uruşýan wideosy Golliwudyň gaharyny getirdi

Iri golliwud studiýalary Hytaýyň ByteDance kompaniýasyny öz neýroulgamlaryna tälim bermek üçin awtorlyk hukugy bilen goralan kontenti yzygiderli ulanmakda aýypladylar. Şikaýat eden kompaniýalaryň arasynda Disney we Paramount Skydance bar diýip, Variety habar berýär...

2.5k+

Tahyr Ataýewiň orkestri 26-27-nji fewralda «Mult-konsertini» geçirer

26-27-nji fewralda dirižýor Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestr «Mult-konsertini» geçirer. Sazly çäre Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahnasynda bolar. Guramaçylar Disney we Pixar studiýalarynyň häzirkizaman meşhur multfilmlerini Netflix-iň meşhur seriallarynyň sazlary bilen utgaşdyrýan täsirli programmany taýýarlady: Tropiki joşgun: «Moana» multfilmdäki adalaryň owazlary...

6.6k+

«Waranasi» filmi hindi kinosynyň taryhynda iň gymmat film bolar

«RRR» we «Bahubali» filmleri bilen tanalýan hindi režissýory S.S. Rajamuli hindi kinematografiýasynyň taryhynda iň gymmat taslama boljak «Waranasi» atly täze filminiň üstünde işleýär. Bu barada Variety neşiri habar berýär...

3.4k+

Ankarada «Kompozitor» atly türkmen filmi görkeziler

17-nji fewralda Ankaranyň Ýaşar Kemal adyndaky medeniýet merkeziniň «İnce Memed» zalynda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan düşürilen «Kompozitor» filminiň görkezilişi bolar. Bu çäre Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde guralýar...

2.2k+

Bred Pittiň gatnaşmagyndaky «F1» filminiň dowamy boljagy tassyklanyldy

Bred Pittiň baş keşbi janlandyran «F1» filminiň sikweli resmi taýdan taýýarlanylyp başlandy. Bu barada blokbasteriň prodýuseri Jerri Brukhaýmer Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasy mynasybetli agşam naharynyň  dowamynda BBC gullugyna beren interwýusynda tassyklady we «Biz filmiň dowamynyň üstünde işleýäris» diýip, aýratyn belledi...

3.6k+

Superboul-yň finalynda hemmeler "Çirkin ses 7-ni" eşitdi

Paramount Pictures kinostudiýasy "Çirkin ses 7" (Крик 7) gorkuly filminiň täze tizer-treýlerini hödürledi. Wideorolik ilki Superboul oýny wagtynda görkezildi, soňra bolsa YouTube platformasynda köpçülige ýaýradyldy...

2.4k+

Multfilmiň täze treýlerinde minýonlar kino düşýärler we nägehanlary gözleýärler

Illumination Entertainment studiýasy tarapyndan döredilen "Ýigrenji men" (Гадкий я) animasiýa franşizasynyň dowamy bolan "Minýonlar we Nägehanlar" (Миньоны и Монстры) multfilminiň ilkinji treýleri ýaýradyldy. Täze taslama "spin-off" görnüşinde bolup, esasy ünsi minýonlaryň nobatdaky başdan geçirmelerine gönükdirer...

769

Amazon emeli aňyň kömegi bilen kino edýän çykdajylaryny azaltmak isleýär

Amazon kompaniýasy filmleri döretmekde emeli aňy ulanmak arkaly önümçilik möhletlerini gysgaltmagy hem-de onuň bahasyny arzanlatmagy göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň nygtaýşy ýaly, elbetde täze tehnologiýa döredijilik hünärmenleriniň ornuny tutmaz, ýöne onuň has köp taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam edip biljekdigine welin, bil baglamak mümkin...

2.5k+

Netflix Stiwen Spilbergiň «Dinozawrlar» atly dokumental serialynyň treýlerini görkezdi

Netflix Stiwen Spilbergiň prodýuserligindäki «Dinozawrlar» («Динозавры») dokumental serialynyň ilkinji kadrlaryny we treýlerini görkezdi. Filmi meşhur aktýor Morgan Frimen seslendiripdir. Platformanyň beýanatynda aýdylyşy ýaly, «Dinozawrlar» tomaşaçylara «dünýäniň ýitirim bolan eýýamyna syýahaty» hödürleýär...

3k+

Blackpink toparyndaky Lisa komediýada surata düşer

Blackpink k-pop toparynyň aýdymçysy Lisa Netflix tarapyndan taýýarlanylýan romantik komediýada keşp janlandyrar. Bu barada Elle žurnaly habar berýär. Bu film aýdymçynyň ikinji aktýorlyk işi bolar. Ol ekrandaky ilkinji ädimi «Ak lotos» serialynyň üçünji möwsümindäki Mukuň keşbinde ädipdi...

1.4k+

Gaý Riçiniň «Ýaş Şerlok» serialynyň resmi treýleri çykdy

Prime Video striming hyzmaty režissýor Gaý Riçiniň «Ýaş Şerlok» atly täze serialynyň resmi treýlerini görkezdi. Taslamanyň ilkinji premýerasy 2026-njy ýylyň 4-nji martyna meýilleşdirildi. Serialda baş keşbi — ýaş Şerlok Holmsy «Soň» («После») kinofranşizasy arkaly tanalýan aktýor Hiro Faýns Tiffin oýnady...

2.1k+

Zendeýa Louis Vuitton-yň mahabat kampaniýasynyň ýüzi boldy

Louis Vuitton özüniň meşhur monogrammasynyň 130 ýyllygyny Zendeýa we moda öýi bilen işleşýän beýleki ýyldyzlaryň gatnaşmagyndaky kampaniýa bilen baýram etmegini dowam edýär. WWD neşirinde habar berilşine görä, bu mowzukdaky mahabatlar üçin fotosuratlary düşürýän Glen Laçford, gysga göwrümli filmleriň awtory bolsa meşhur režissýor Roman Koppola...

2.6k+

Aşgabatda nusgawy türkmen filmleriniň ajaýyp sazlary ýaňlanar

Aşgabatda türkmen kinematografynyň meşhur saz eserlerine bagyşlanan konsert geçiriler. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny «Türkmen kinosynyň altyn mukamlary» atly sazly agşama çagyrýar...

4.1k+

«Kömek iberiň!» filmi ABŞ-nyň prokatynda birinjiligi eýeledi

«Kömek iberiň!» («Send Help») atly komediýa trilleri ekrana çykan ilkinji günlerinden Demirgazyk Amerikanyň prokatynda birinji orny eýeledi. Režissýor Sem Reýminiň surata düşüren filmi ABŞ-da we Kanadada 20 million dollar toplady...

3.4k+

Tailandda «Rembo» filminiň prikweli düşürilip başlandy

Tailandda «Rembo: Ilkinji gan» (Rambo: First Blood) hereketli filminiň prikweli boljak «Jon Rembo» çeper filminiň önümçiligi başlandy. Bu barada Variety neşiri ýazýar. Filmiň sýužeti baş gahrymanyň Wýetnam urşy döwründäki durmuşyna bagyşlanýar...