Robot hakynda 19-njy asyrda düşürilen film tapyldy

  • 03.03.2026 16:43
  • 6.1k+

ABŞ-nyň Kongress kitaphanasynda kino sungatynyň kerwenbaşylarynyň biri hasaplanýan fransuz režissýory Žorž Melýesiň uzak wagtlap ýitirilen hasaplanyp ýörlen filmi tapyldy. Bu barada kitaphananyň blogunda habar berilýär.

Gürrüňi edilýän gysga metražly sessiz film 1897-nji ýylda surata düşürilen 45 sekuntlyk «Gugýus we awtomat» atly lentadyr. ABŞ-da «Masgarabaz we awtomat» ady bilen hem tanalýan bu filmde kino taryhynda robototehnikanyň iň irki şekillendirmesiniň bardygy tassyklanylýar.

Film gözbagçy bilen aýlanýan enjama meňzeş tutawajy aýlamak arkaly herekete getirilýän mehanik awtomatyň arasyndaky gülkili sahna bolup durýar. Ol döwürde «robot» sözi heniz ýokdy. Bu sözi 1920-nji ýylda ýazyjy Karel Çapek ulanyşyga girizipdi. Şeýlelikde onlarça ýyllap bu film ýitirilen hasaplanýardy.

Kinolenta geçen ýyl ABŞ-nyň Kongress kitaphanasyna gelip gowuşdy. Ony Miçigan ştatynyň ýaşaýjysy Bill Makfarland tabşyrdy. Ol köne nitratly lentalaryň toplumyny özüniň garry atasy Wilýam Delaýl Frisbiden alandygyny aýdýar. Frisbi bolsa öz döwründe proýektory bilen ýurt aýlanyp, köpçülige iň ilkinji kinolary – şol wagt atlandyrylyşy ýaly, «hereketli suratlary» görkezen fermer we şoumen eken.

Lentanyň köp ýyllap oňaýsyz şertlerde saklanylmagy onuň hilini örän zaýalapdyr. Şol bir toplumyň içinde beýleki irki filmler hem tapyldy. Olaryň arasynda Melýesiň 1900-nji ýyldaky «Semiziň we horuň söweşi» atly lentasy, şeýle hem Tomas Edisonyň «Ýanýan athana» atly filminiň bölekleri-de bar.


şu gün 12:24
848

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

şu gün 08:41
1.1k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 20:06
3.2k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

07.06.2026 11:02
10k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....