«Tagt oýunlaryndaky» Eýgon Basybalyjy barada doly metražly film surata düşüriler

  • 04.03.2026 17:30
  • 3.3k+

«Tagt oýunlary» älemi doly metražly prikwel film bilen giňeldiler. Film Basybalyjy ady bilen tanalýan patyşa Eýgon I Targarien barada gürrüň berer diýip, The Hollywood Reporter neşiri habar berýär.

Taslama Warner Bros. tarapyndan işlenip düzülýär. Ssenariýany ozal «Andor» we «Kartdan gurlan öý» seriallarynyň üstünde işlän Bo Willimon ýazýar.

Filmdäki wakalar serialdakydan takmynan 300 ýyl öň bolup geçýär we Eýgonyň öz gyz doganlary bilen birlikde Ýedi Patyşalygy nädip birleşdirendigi hakda gürrüň berýär.

Filmiň surata düşüriliş işleriniň başlanjak ýa-da onuň tomaşaçylara hödürlenjek senesi barada heniz hiç hili maglumat ýok.

Ýakynda HBO Max-da bu agzalan älemden ýene bir taslama - «Ýedi Patyşalygyň Rysary» atly prikwel görkezildi. Serial Jorj R.R. Martiniň «Dunk we Egg hakynda hekaýatlar» kitabyna  esaslanýar. Ondaky wakalar «Tagt oýunlaryndan» 90 ýyl öň bolup geçýär. Birinji möwsüme üç günüň dowamynda 6,7 million tomaşaçy tomaşa etdi. Beýle üstünlik serialyň ikinji möwsüme uzaldylmagyna sebäp boldy.


düýn 23:54
1k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....