«Bir söweşden soň beýleki» filmi alty BAFTA baýragyna mynasyp boldy

  • 23.02.2026 12:52
  • 2.5k+

Londonda britan we halkara kinematografiýasynda gazanylan üstünlikleri belleýän BAFTA baýragynyň 79-njy gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy ýeňijisi Pol Tomas Andersonyň «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmi boldy.
Film 14 ugur boýunça dalaşgär görkezildi we alty sany baýraga mynasyp boldy, bu bolsa dabara gatnaşyjylaryň arasynda iň ýokary netijedir. Film «Iň gowy film», «Iň gowy režissýorlyk işi» we «Iň gowy adaptirlenen ssenariý» kategoriýalarynda baýrak aldy. Şeýle hem operatorlyk işi we montaž üçin baýraklar berildi. Aktýor Şon Penn ikinji plandaky iň gowy erkek keşbi üçin sylaglandy.
Raýan Kugleriň «Günäliler» (Грешники) filmi üç baýraga — «Iň gowy original ssenariý», Wunmi Mosakunyň ýerine ýetirmeginde «Ikinji plandaky iň gowy zenan keşbi», şeýle hem «Iň gowy özboluşly saz» üçin baýraklara mynasyp boldy.
«Hamnet» dramasy «Görnükli britan filmi» we «Iň gowy zenan keşbi» kategoriýalarynda ýeňiji boldy, baýragy Jessi Bakli aldy. «Frankenşteýn» bolsa geýimler, grim we saç bezegleri, şeýle hem ssenografiýa üçin tapawutlandy.


Robert Aramaýo iki baýrak — «Men sögünýärin» (Я ругаюсь) filmi üçin iň gowy aktýor we dogup gelýän ýyldyz hökmünde baýrak aldy. Bu film iň gowy kasting üçin hem baýraga mynasyp boldy.

Iňlis dilinde bolmadyk iň gowy film diýlip, Norwegiýanyň «Sentimental gymmatlyk» (Сентиментальная ценность) filmi ykrar edildi.
Iň gowy animasion film «Haýwanlar şäheri 2» (Зверополис 2) boldy, «Bung» hindi filmi bolsa iň gowy çagalar we maşgala filmi hökmünde baýrak aldy.
Ýeňijileriň doly sanawy baýragyň 
saýtynda ýerleşdirildi.


şu gün 10:41
200

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
3.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.6k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....