«Rolling Stone» XXI asyryň iň gowy «Oskarly» aktrisalarynyň atlaryny mälim etdi

  • 21.02.2026 16:26
  • 2.5k+

«Rolling Stone» žurnaly XXI asyrda «Oskar» baýragyna mynasyp bolan aktrisalaryň reýtingini düzdi. Sanaw taýýarlanylanda redaksiýa aktrisalaryň kino sungatyna goşan umumy goşandyna däl-de, hut olaryň baýrak getiren filmlerdäki işleriniň hiline baha berdi.
Birinji orny «Henizem Elis» (Всё ещё Элис) filmindäki keşbi üçin «Oskara» mynasyp bolan Julianna Mur eýeledi. Ol bu filmde Alsgeýmer keseliniň irki tapgyry ýüze çykarylan lingwistika professoryny oýnady.

«Bu üýtgeşik fiziki aýdyňlyk bilen görkezilen örän güýçli, adamyň içki dünýäsini açyp görkezýän oýundyr: aýalyň gorkusy, ykbalyna kaýyl bolşy we gahary Muruň gorky hem-de agyrydan doly gözlerinde görünýär» – diýlip, makalada bellenilýär.

Ikinji orunda «Şa aýaly» (Королева) filminde Ýelizaweta II-niň keşbini ýerine ýetiren we baýraga mynasyp bolan Helen Mirren ýerleşdi. Reýtingde aktrisanyň monarhy ýekemen, agras we daşyndan sowuk görnüşde görkezendigi nygtalýar.


Üçünji orny bolsa «Çarwalaryň topragy» (Земля кочевников) filmindäki keşbi üçin «Oskar» alan Frensis Makdormand eýeledi. Onuň oýnunda gahrymanyň häsiýetini, bilesigelijiligini we durnuklylygyny görkezýän tebigylyk bellenilýär.


Şeýle-de, ilkinji onluga Emma Stoun («Betbagt biçäreler»), Julia Roberts («Erin Brokowiç»), Maýki Medison («Anora»), Mişel Ýeo («Hemme zat hemme ýerde we birbada»), Keýt Blanşett («Jasmin»), Natali Portman («Gara guw»), Holli Berri («Nägehanlaryň baly») hem girdi.
25-nji orny «Demir hanym» (Железная леди) filminde Margaret Tetçeriň keşbi üçin «Oskar» alan Meril Strip eýeledi. «Rolling Stone-yň» pikiriçe, aktrisanyň at-abraýyna garamazdan, onuň bu filmdäki oýny karikatura häsiýetine eýedir.


şu gün 11:31
257

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.3k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
12k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....