2.5k+

“Oskar” 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde gowşurylar

Amerikanyň Kinematografiýa sungaty we ylymlary akademiýasy “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde, Los-Anželesiň merkezindäki L.A. Live toplumynda geçiriljekdigini habar......

6.8k+

Ýelekler, güller, göwherler: ýerdäki ýyldyzlar Oskarda niçik lowurdady?

16-njy martyň säheri Kaliforniýadaky 98-nji Oskar baýraklaryny gowşuryş dabarasy bilen başlandy. Aslynda köpçülik bu dabara kino baýraklaryny kimiň alýandygyny bilmek üçin üýşen bolsa-da, olar gözlerini gyzyl halyçadan ýörän ýyldyzlaryň lybaslaryndan aýryp bilmediler...

3k+

Jessi Bakli iň gowy zenan keşbi üçin «Oskar» alan ilkinji irlandiýaly aktrisa boldy

Aktrisa Jessi Bakli «Hamnet: Gamlete ylham beren hekaýat» filmindäki roly üçin «Iň gowy zenan keşbi» kategoriýasynda «Oskar» baýragyna mynasyp boldy. Amerikan kino sungaty we ylymlar akademiýasynyň baýragynyň 98-nji gowşurylyş dabarasy 16-njy martda ir säher bilen (Aşgabat wagty boýunça) Los-Anjelesde geçirildi...

2k+

«Oskar» dabarasynda diňe iki aýdym janly ýerine ýetiriler

15-nji martda geçiriljek «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynda «Iň oňat özboluşly aýdym» ugry boýunça dalaşgär görkezilen bäş aýdymyň diňe ikisi janly görnüşde ýerine ýetiriler. Bu barada Variety neşiri Kinematografiýa sungatlary we ylymlary akademiýasynyň hatyna salgylanyp habar berýär...

2.2k+

Jeýms Kemeron Netflix-iň filmleriniň “Oskar” baýragyna dalaş etmegine garşy çykdy

Režissýor Jeýms Kemeron Netflix-iň filmleriniň «Oskar» baýragyna gatnaşmaly däldigini aýtdy. Ol öz pikiri bilen «The Town with Matt Belloni» podkastynda paýlaşdy. «Awatar» we «Titanik» filmleriniň režissýory Netflix-iň filmleri diňe akademiýanyň düzgünlerine laýyk gelmek üçin gysga möhletleýin çäkli kinoprokata goýbermek tejribesini tankytlady...

2.7k+

YouTube “Oskary” ýaýlymda görkezmek hukugyny satyn almak isleýär

YouTube “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasyny ýaýlyma bermek üçin hukuk satyn almaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada iki çeşmä salgylanyp, Bloomberg habar berýär. Neşiriň bellemegine görä, barha abraýyny ýitirýän dabaranyň iň uly wideohostingde ýerleşdirilmegi oňa bolan gyzyklanmany artdyryp bilerdi...

2.8k+

Tom Kruz kino pudagyna goşan goşandy üçin “Oskar” hormat baýragyny alar

Amerikan kinoakademiýasy kino pudagynyň ösüşine goşan goşandy üçin “Oskar” hormat baýragynyň geljekki eýelerini yglan etdi. Olaryň arasynda “Missiýa ýerine ýetirmesiz” franşizasynyň ýyldyzy we häzirkizaman Golliwudynyň esasy nyşanlarynyň biri bolan aktýor Tom Kruz hem bar...

2.6k+

“Oskar” emeli aňyň kinoda ulanylmagyna rugsat berdi. Ýöne adamyň goşandyna aýratyn üns berler

Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy ilkinji gezek emeli aňy “Oskar” baýragyna filmleri saýlamagyň düzgünlerinde agzap geçdi. Täze düzgünlere laýyklykda, emeli aňyň ulanylmagy nominasiýa üçin böwet bolmaz, ýöne eminler adamyň filmi döretmäge goşan goşandynyň näderejede ähmiýetlidigine baha berer diýip, The Verge habar berýär...

5.8k+

2026-njy ýylyň “Oskar” baýragynyň gowşurylyş senesi belli boldy

Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy indiki “Oskar” baýragynyň gowşurylyş senesini yglan etdi. Ol 2026-njy ýylyň 15-nji martynda geçiriler. “Öz senenamaňyza belläň! 98-nji “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasy 2026-njy ýylyň 15-nji martynda, ýekşenbe güni geçer...

4.2k+

«Oskar-2025» baýragynyň ähli ýeňijileri yglan edildi

Los-Anjelesde Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasynyň 97-nji baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň jemlerine görä, ähli nominasiýalaryň ýeňijileri belli boldy. Öň habar berşimiz ýaly...