Jeýms Kemeron Netflix-iň filmleriniň “Oskar” baýragyna dalaş etmegine garşy çykdy

  • 29.11.2025 09:20
  • 2.3k+

Režissýor Jeýms Kemeron Netflix-iň filmleriniň «Oskar» baýragyna gatnaşmaly däldigini aýtdy. Ol öz pikiri bilen «The Town with Matt Belloni» podkastynda paýlaşdy.

«Awatar» we «Titanik» filmleriniň režissýory Netflix-iň filmleri diňe akademiýanyň düzgünlerine laýyk gelmek üçin gysga möhletleýin çäkli kinoprokata goýbermek tejribesini tankytlady. Ýagny, studiýa «Oskara» dalaşgär görkezilmek üçin öz filmlerini kinoteatrlarda bir hepdelik ýa-da 10 günlük çykarýar. Režissýor bu tejribäni oýnatgylar üçin aldawaç diýip hasaplaýar we ony “düýbünden çüýrük” diýip atlandyrýar.

«Film kinoprokat üçin film hökmünde döredilmeli we eger «Oskar» baýragy teatr prokatyny aňlatmaýan bolsa, ol meniň üçin hiç zat aňlatmaýar» – diýip, režissýor aýtdy.

Kemeronyň pikiriçe, Netflix öz strategiýasyny üýtgedip, filmleri bir aýlyk azyndan 2000 kinoteatrda giň prokata goýberen ýagdaýynda baýraga dalaş etmeli.
Soňky ýyllarda Netflix-iň birnäçe uly taslamalary, şol sanda «Roma», «It hökmürowanlygy» we «Irlandiýaly» esasy kategoriýada «Oskar» baýragyna dalaşgär görkezildi. Ilkinji iki filmiň režissýorlary Alfonso Kuaron we Jeýn Kempion iň gowy režissýorlyk üçin baýrak aldy.
Habar Netflix-iň Warner Bros. Discovery-nyň studiýasyny we striming biznesini satyn almak mümkinçiligini öwrenýändigi baradaky gürrüňleriň ýaýran wagty peýda boldy. Metbugatda Netflix Inc.-iň, ilkinji nobatda, studiýanyň “Garri Potter” we DC Comics ýaly franşizalaryna gyzyklanma bildirmek bilen, bu mümkinçiligi seljermek üçin maliýe geňeşçisini işe alandygy habar berilýär. 


şu gün 11:31
257

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.3k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
12k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....