2028-nji ýyldan başlap iň oňat trýuklar üçin “Oskar” baýragy berlip başlanar

  • 14.04.2025 10:48
  • 3.1k+

Amerikan kinoakademiýasy 2028-nji ýyldan başlap filmdäki iň oňat trýuklaryň dizaýny üçin “Oskar” baýragyny gowşuryp başlar. Täze kategoriýa kaskadýorlaryň kino pudagyna goşýan goşandyny ykrar eder. Nominasiýa baýragyň 100 ýyllygy mynasybetli hödürlener diýip, Independent habar berýär.

Baýraga dalaşgärler hökmünde 2027-nji ýylda goýberiljek filmler göz öňünde tutular.

"Kino sungatynyň dörän ilkinji günlerinden başlap, trýuklar kino önümçiliginiň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Bu tehniki we döredijilikli sungat işgärleriniň täzeçillik işlerine mynasyp baha berip biljekdigimize buýsanýarys " - diýip, Kinoakademiýanyň baş direktory Bill Krameriň we onuň prezidenti Janet Ýangyň bilelikdäki beýanatynda aýdylýar.

Täze nominasiýany goşmak baradaky başlangyç bilen meşhur kaskadýorlar we trýuklary sazlaýjylar Dewid Leýtç we Kris O'Hara çykyş etdi. Olar Akademiýanyň agzalaryndan trýuklary baýragyň kategoriýalarynyň hataryna goşmagy haýyş etdiler.
Häzirki wagtda Kinoakademiýanyň düzüminde 100-den gowrak kaskadýor bar. Akademiýanyň agzalarynyň umumy sany 8000 kino hünärmeninden geçýär.
Şeýle hem 2026-njy ýylda ilkinji gezek aktýor seçip alyjy hünärmenleriň işini ykrar etmek üçin aýratyn baýrak berler. Kasting boýunça baýrak esasy dabaranyň çäginde gowşuryljakmy, ýa däl entek belli däl.


şu gün 11:31
257

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.3k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
12k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....