2025-nji ýylda “Oskar” kino baýragyny kim alar? Dalaşgärler yglan edildi

  • 24.01.2025 12:35
  • 6.5k+

Los-Anjelesde Amerikan kinoakademiýasynyň 97-nji “Oskar” baýragyna dalaşgärler yglan edildi.

Esasy kategoriýalarda nominasiýa sany boýunça öňdebaryjy “Emiliýa Peres” mýuzikli boldy. Ol bu baýrak üçin 13 kategoriýada dalaş edýär. Fransiýaly režissýor Žak Odiar tarapyndan Netflix üçin düşürilen bu film mundan öň dört “Altyn globus” aldy (şol sanda “Komediýa ýa-da mýuzikl” nominasiýasynda ýylyň filmi üçin). Akademiýa bu filmi režissýorlyk, ssenariýa, aktýorlyk işi (Karla Sofiýa Gaskon we Zoi Saldana) we aýdymlar ýaly esasy kategoriýalaryň ählisinde dalaşgär görkezdi.
Baýragyň gowşurylyş dabarasy 3-nji marta geçilýän gije bolar. Ony komik Konan O’Braýen alyp barar.
Esasy nominasiýalar:
Iň gowy film:

  • ·“Anora” (Анора)
  • ·“Brutalist” (Бруталист)
  • ·“Dýuna: Bölüm 2” (Дюна: Часть 2)
  • ·“Zalym: Günbataryň jadygöýi barada erteki” (Злая: Сказка о ведьме Запада)
  • ·“Konklaw” (Конклав)
  • ·“Nikeliň” oglanlary” (Мальчишки из «Никеля»)
  • ·“Düýbünden nätanyş (Никому не известный)
  • ·“Substansiýa” (Субстанция)
  • ·“Emiliýa Peres” (Эмилия Перес)
  • ·“Men henizem bärde” (Я всё ещё здесь)

Iň gowy režissýorlyk:

  • ·Şon Beýker – “Anora”
  • ·Breýdi Korbet – “Brutalist”
  • ·Žak Odiar – “Emiliýa Peres”
  • ·Jeýms Mengold – “Düýbünden nätanyş”
  • ·Korali Farža – “Substansiýa”

Iň gowy erkek keşbi:

  • ·Edrian Broudi – “Brutalist”
  • ·Kolman Domingo – “Sing-Sing” (Синг-Синг)
  • ·Sebastian Sten – “Şägirt: Trampyň ýokary göterilmegi” (Ученик. Восхождение Трампа)
  • ·Reýf Faýns – “Konklaw”
  • ·Timoti Şalame – “Düýbünden nätanyş”

Iň gowy zenan keşbi:

  • ·Karla Sofiýa Gaskon – “Emiliýa Peres”
  • ·Demi Mur – “Substansiýa”
  • ·Maýki Medison – “Anora”
  • ·Fernanda Torres – “Men henizem bärde”
  • ·Sintiýa Eriwo – “Zalym: Günbataryň jadygöýi barada erteki”

Iň gowy halkara film:

  • ·“Iňňeli gyz” (Девушка с иглой / Daniýa)
  • ·“Mukaddes injiriň tohumy” (Семя священного инжира / Germaniýa)
  • ·“Akym” (Поток / Latwiýa)
  • ·“Emiliýa Peres” (Fransiýa)
  • ·“Men henizem bärde” (Braziliýa)

Iň gowy animasion film:

  • ·“Tapmaça 2” (Головоломка 2)
  • ·“Ýabany robot” (Дикий робот)
  • ·“Ulitkanyň memuarlary” (Мемуары улитки)
  • ·“Akym” (Поток)
  • ·“Uolles we Gromit: Iň ýowuz ar” (Уоллес и Громит: Самая дикая месть)

düýn 20:48
720

Şerlok Holmsuň älemindäki professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler

Artur Konan Doýluň kitaplaryndaky Şerlok Holmsyň äleminden ady belli duşman bolan professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler. Taslama klassiki gahrymanyň keşbiniň häzirki zaman äheňinde gaýtadan......

31.05.2026 10:37
7.7k+

«28 ýyl soň» filminiň üçünji bölegi 2027-nji ýylda düşürilip başlanar

Režissýor Denni Boýl «28 ýyl soň» franşizasynyň üçünji bölegini düşürmek işlerine geljek ýylda başlamagy meýilleşdirýär. Ol bu barada «Deadline» neşirine beren interwýusynda mälim etdi....

27.05.2026 15:37
1.5k+

Sony Pictures-i anime taslamalary halas etdi

Sony Pictures Entertainment 2026-njy ýylyň 31-nji martynda tamamlanan maliýe ýyly boýunça hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşyna görä, bölümiň girdejisi geçen ýylky derejesinde galyp, 9,92 milliard dollar boldy......

27.05.2026 15:30
1.7k+

«Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri» serialynyň III möwsümi noýabrda çykar

Amazon MGM Studios kompaniýasy «Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri» (Властелин колец: Кольца власти) serialynyň üçünji möwsüminiň 2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Prime Video platformasynda......