“Oskara” dalaşgärleriň yglan edilmegi Kaliforniýadaky ýangyn sebäpli ýene yza süýşürildi

  • 15.01.2025 15:37
  • 6.2k+

“Oskar” baýragynyň guramaçylary baýraga dalaşgärleriň yglan ediljek senesini ikinji gezek üýtgetdi. Variety neşiriniň maglumatlaryna görä, dalaşgärleriň sanawy 23-nji ýanwarda onlaýn görnüşde yglan ediler. Çäräniň başlanjak senesi Ýuwaş umman wagty boýunça 5:30-a (Aşgabat wagty bilen 20:30) meýilleşdirilýär.

Kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasynyň prezidenti Bill Kramer ses beriş möhletiniň hem 17-nji ýanwara çenli uzaldylandygyny habar berdi.
Ilkibaşda dalaşgärler 17-nji ýanwarda yglan edilmelidi, ýöne Los-Anjelesdäki ýangynlar sebäpli sene 19-njy ýanwara geçirildi. 7-nji ýanwarda Pasifik-Paliseýdsde başlanan we Malibu, Santa-Monika şäherlerine ýaýran ýangyn Kaliforniýanyň taryhynda iň weýrançylykly hadysalaryň biri boldy. Müňlerçe desga ýumruldy, 200 müň töweregi adam ewakuasiýa edildi, 24 adam ýogaldy.
Şeýle-de, 10-njy fewrala meýilleşdirilen “Oskar” baýragyna dalaşgärleriň her ýylky dabaraly naharyny geçirmekden hem ýüz öwrüldi. Mundan başga-da, 18-nji fewralda geçirilmeli bolan ylym we tehniki baýraklaryň gowşurylyşy näbelli möhlet bilen yza süýşürildi.
Belläp geçsek, kino baýragynyň gowşurylyş dabarasy öňki senesinde galdy: ol 2-nji martda Los-Anjelesdäki Dolby teatrynda geçiriler. Alypbaryjy Konan O’Braýen bolar.


düýn 20:25
8.4k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

düýn 16:55
5.2k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

27.06.2026 23:56
6.5k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

27.06.2026 11:31
2.1k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....