2026-njy ýylyň “Oskar” baýragynyň gowşurylyş senesi belli boldy

  • 23.04.2025 14:53
  • 5.8k+

Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy indiki “Oskar” baýragynyň gowşurylyş senesini yglan etdi. Ol 2026-njy ýylyň 15-nji martynda geçiriler.

“Öz senenamaňyza belläň! 98-nji “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasy 2026-njy ýylyň 15-nji martynda, ýekşenbe güni geçer. Nominasiýalar 2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda, penşenbe güni yglan ediler” – diýlip, akademiýanyň X sosial ulgamyndaky habarynda aýdylýar.

Şu ýyl ýeňijiler 2-nji martda yglan edildi. Ýylyň iň esasy ýeňijisi Şon Beýkeriň “Anora” filmi boldy. Ol “Iň gowy film”, “Iň gowy režissýor”, “Iň gowy aktrisa”, “Iň gowy ssenariý” we “Iň gowy montaž” nominasiýalarynda ýeňiş gazandy.
“Oskar” baýragy 1927-nji ýyldan bäri berilýär. 2002-nji ýyldan bäri dabara Los-Anjelesdäki Dolby teatrynda geçirilýär. Heýkel kinoplýonkaly tigirde duran gylyçly rysary şekillendirýär. 


şu gün 11:31
257

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.3k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
12k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....