Golliwudy ot aldy: “Oskar-2025” üçin dalaşgärler indi birneme giç yglan ediler

  • 10.01.2025 18:00
  • 19k+

Günorta Kaliforniýadaky weýran ediji tokaý ýangynlary “Oskar” baýragynyň guramaçylaryny dalaşgärler üçin ses berişligi birneme yza süýşürmäge mejbur etdi.

Variety neşiriniň habar bermegine görä, Kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy ses berişligi iki gün – 14-nji ýanwara çenli uzaltdy, dalaşgärler bolsa indi 17-nji ýanwarda däl-de, 19-njy ýanwarda yglan ediler.
Akademiýanyň baş müdiri Bill Kramer guramanyň agzalaryna elektron hat iberip, onda ýangyndan ejir çekenleriň ählisine gynanç bildirdi.

“Agzalarymyzyň we kärdeşlerimiziň köpüsi Los-Anjelesde ýaşaýar we işleýär. Biz siz barada pikir edýäris” – diýip, ol hatda ýazdy.

Baýragyň gowşurylyş dabarasy 2-nji martda geçiriler. Ony Konan O’Braýen alyp barar.
Günorta Kaliforniýany gurşap alan ýangynlar pudakdaky beýleki wakalara-da täsir etdi. Amazon MGM we Universal studiýalary “Boýun egmezek” (Неукротимый) we “Möjek adam” (Человек-волк) filmleriniň premýeralaryny ýatyrdy. Paramount we Max bolsa “Kämilleşmek: Robbi Uilýamsyň taryhy” (Быть лучше: История Робби Уильямса) filminiň görkezilişinden ýüz öwürdi.
Kaliforniýanyň ýangyn gullugynyň maglumatlaryna görä, 7-nji ýanwardan bäri möwç alýan ot 1000-den gowrak desgany ýok edip, 30 müňe golaý adamyň ewakuasiýa edilmegine getirdi. Azyndan 10 adam tebigy betbagtçylygyň pidasy boldy. Onlarça ýyldyz, şol sanda Entoni Hopkins, Jon Gudman, Jeými Li Kertis, Adam Brodi, Jeýms Wuds, Anna Feris, Riki Leýk we Spenser Pratt ýaly aktýorlar we meşhur adamlar öz jaýlaryny ýitirdi.
Entoni Hopkins 2021-nji ýylda 6 mln dollara satyn alan jaýyndan mahrum boldy diýip, Daily Mail belleýär. Şeýle-de, Leonardo Di Kaprionyň jaýy ýandy, aktýor bu ýerde ýigrimi ýyl ýaşap, 2021-nji ýylda ony 10 mln dollardan gowrak pula satypdy.
Öýüni ýitiren aktýor we komik Billi Kristal şeýle belledi: “Öýümiziň her bir dýuýmy söýgüden doludy. Çykaryp bolmajak ajaýyp ýatlamalar. Elbetde, biz gynanýarys, ýöne çagalarymyzyň we dostlarymyzyň söýgüsi bilen mundan baş alyp çykarys”.
Ewakuasiýa zolagyna Ben Afflegiň, Tom Henksiň, Bredli Kuperiň, Riannanyň, Jennifer Enistonyň, Adam Sendleriň we beýleki meşhur adamlaryň jaýlarynyň ýerleşen sebiti hem girdi.
Bu kyn ýagdaý gurakçylyk we güýçli ýel sebäpli hasam güýjeýär.


düýn 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....