Jessi Bakli iň gowy zenan keşbi üçin «Oskar» alan ilkinji irlandiýaly aktrisa boldy

  • 16.03.2026 10:53
  • 3.2k+

Aktrisa Jessi Bakli «Hamnet: Gamlete ylham beren hekaýat» filmindäki roly üçin «Iň gowy zenan keşbi» kategoriýasynda «Oskar» baýragyna mynasyp boldy. Amerikan kino sungaty we ylymlar akademiýasynyň baýragynyň 98-nji gowşurylyş dabarasy 16-njy martda ir säher bilen (Aşgabat wagty boýunça) Los-Anjelesde geçirildi.

Bu kategoriýada Bakli bilen bilelikde Rouz Birn («Aýagym bolan bolsa, seni deperdim»), Emma Stoun («Bugoniýa»), Keýt Hadson («Olaryň arzuwynyň sazy») we Renate Reinswe («Sentimental gymmatlyk») ýaly aktrisalar hem baýraga dalaş etdi.

Bakli «Oskar» alan ilkinji irlandiýaly aktrisa boldy. Mundan ozal irlandiýalylaryň arasynda bu baýraga diňe erkek aktýorlar — üç gezek ýeňiji bolan Deniel Deý-Lýuis we Killian Mýorfi mynasyp bolupdy.

«Hamnet» filmi režissýor Hloýa Çžaonyň taryhy melodramasydyr. Film irlandiýaly ýazyjy Meggi O’Farrelliň 2020-nji ýylda neşir edilen adybir romany esasynda düşürildi. Filmiň wakalary Wilýam Şekspiriň (keşbi Pol Meskal ýerine ýetirdi) maşgala durmuşy barada gürrüň berýär. Emma wakalaryň merkezinde meşhur iňlis dramaturgy däl-de, onuň aýaly Agnes Heteueý (Jessi Bakli) durýar. Sýužet boýunça ol oglunyň ölüminden soňky hasraty başdan geçirýär we meşhur adamsynyň saýasynda bu ýitgi bilen göreşmäge synanyşýar.

Aktrisa bu keşbi üçin eýýäm möwsümiň köp sanly abraýly baýraklaryna — «Altyn globus», BAFTA, Critics' Choice we Actor Awards sylaglaryna mynasyp bolupdy. Filmiň özi hem mundan ozal «Iň gowy drama» hökmünde «Altyn globus» aldy.

«Iň gowy ikinji derejeli zenan keşbi» ugrundaky «Oskary» bolsa «Ýaraglar» (Орудия) filmindäki keşbi üçin Emi Madigan aldy. Dabara wagtynda ol prodýuserlere, özi bilen bilelikde dalaşgär bolan aktrisalara, şeýle hem adamsy, aktýor Ed Harrise minnetdarlyk bildirdi.

«Ýaraglar» filmi — horror žanryndaky amerikan mistiki kinosydyr. Sýužet boýunça kiçijik şäherçede başlangyç synp okuwçylarynyň birbada 17-si dereksiz ýitýär. Synpdan diňe Alek diýen oglanjyk ýitmeýär. Emi Madigan filmde oglanjygyň daýzasy Gledisiň keşbini ýerine ýetirdi.


27.06.2026 11:31
2.1k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2.1k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
19k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....