Los-Anjelesde kino pudagynda gazanylan üstünlikler üçin hormatly “Oskarlaryň” gowşurylyşy geçirildi

  • 19.11.2024 18:33
  • 9.9k+

Los-Anjelesde kinematografda gazanylan üstünlikler üçin “Oskar” akademiýasynyň hormatly baýraklarynyň (Governors Awards) gowşurylyşy geçirildi. Dabara Dolby Theatre-niň golaýynda ýerleşýän Hollywood & Highland Uly bal zalynda 15-nji gezek geçdi diýip, Hollywood Reporter neşiri habar berýär.

Baýrak kino sungatynyň we ylmyň ösüşine goşan goşantlary, şeýle-de ömrüniň dowamynda kinematografda gazanan üstünlikleri üçin berilýär. Laureatlary akademiýanyň dolandyryjylar geňeşi saýlaýar.
Variety neşiriniň maglumatlaryna görä, şu ýyl hormatly baýragy ilkinji garaýagyz prodýuser bolan, taslamasy “Iň gowy film” kategoriýasynda “Oskar” baýragyna dalaşgär görkezilen (režissýor Stiwen Spilbergiň “Benewşe meýdanlaryň gülleri” filmi) kompozitor Kuinsi Jons aldy (ölenden soň, 3-nji noýabrda 91 ýaşynda aradan çykdy). 
Şeýle-de baýrak kasting müdiri Julýet Teýlora berildi.


Jin Herşoltyň ynsanperwerlik baýragyna ssenariýaçy we režissýor Riçard Kýortis (“Hakyky söýgi”, “Geljekden gelen söýgüli”) mynasyp boldy.
Irwing G.Talbergiň prodýuserlik baýragy Jeýms Bond hakyndaky filmleriň prodýuserleri Maýkl J.Uilsona we Barbara Brokkolä berildi. Olara altyn heýkelleri bondiananyň bäş bölüminde 007 agentiniň roluny ýerine ýetiren Deniel Kreýg gowşurdy.
Çärä meşhur aktýorlar we režissýorlar, şol sanda Tom Henks, Jud Lou we Jennifer Lourens gatnaşdy.
Kinoakademiýanyň agzalarynyň deslapky ses berişligi 9-njy dekabrda başlar we 13-nji dekabrda tamamlanar. “Oskar” baýragynyň gysga sanawy 17-nji dekabrda yglan ediler. Dalaşgärleri saýlamak boýunça ses berişlik 8 – 12-nji ýanwarda geçiriler. “Oskar” baýragyna dalaşgärleriň gutarnykly sanawy 17-nji ýanwarda göni ýaýlymda yglan ediler, dabara bolsa 2-nji martda geçiriler.


27.06.2026 11:31
2.1k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2.1k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
19k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....