Ýelekler, güller, göwherler: ýerdäki ýyldyzlar Oskarda niçik lowurdady?

  • 16.03.2026 23:36
  • 7k+

16-njy martyň säheri Kaliforniýadaky 98-nji Oskar baýraklaryny gowşuryş dabarasy bilen başlandy. Aslynda köpçülik bu dabara kino baýraklaryny kimiň alýandygyny bilmek üçin üýşen bolsa-da, olar gözlerini gyzyl halyçadan ýörän ýyldyzlaryň lybaslaryndan aýryp bilmediler. Hakykatdan hem baýraga dalaşgärler, geçen ýyllaryň ýeňijileri we dünýä ýyldyzlary bu üýşmeleňe dogumlylyk bilen iň haýran galdyryjy eşikleri geýip geldiler.

Şolaryň hatarynda 63 ýaşly Demi Muruň Gucci-den birgiden per bilen bezelen lybasy geýip, hemmeleriň ünsüni çekdi. Bu köýnek onuň keşbine bir wagtyň özünde ýelege meňzeş ýeňillik bilen biraz drama hem goşup goýberdi. El Fanning bolsa köpüň öňüne täze ýyglan bahar gülleriniň çemenini ýatladýan, näzik gül nagyşly, hut şazada gyzlaryň stilindäki ak köýnegi geýip çykdy.

Maşgala – kiçijek döwlet. Şonuň üçin model Kaýli Jenner öz ýoldaşy Timoti Şalameni goldamak üçin Schiaparelli brendiniň ýeňiş reňkli gyzyl köýneginde geldi. Timoti Şalame hem oňa nusgawy ak smoking bilen jogap berdi. Enn Hetueýem öz gezeginde, Valentino-nyň güller bilen bezelen gara köýneginiň üstünden göwher baryny dakynyp, hakyky zenan ýaly, owadan hem kaşaň geýinmekden lezzet alýandygyny bildirdi.

Bu ýylky Oskaryň lybaslarynda sadalyk we minimalizme üns berenlerem az bolmady. Meselem, Kirsten Danst we Renata Reinswe Celine hem-de Louis Vuitton markalaryndan saýlan nepis lybaslarynyň kömegi bilen, artyk-süýşük bezegsiz, öz syrdam syratlary bilen owadandyklaryny subut etdiler. «Iň oňat zenan keşbi» ugrundaky baýragyň ýeňijisi bolan Jessi Bakli bolsa Chanel köýneginde bägül bilen gülgüne reňkleri sazlap, egni açyk nysak bilen beýlekilerden saýlandy.

Garaz gyzyl halyçadaky her bir ädim kiçijik bir spektakla öwrüldi. Tomaşaçylar oňa tomaşa etse, fotohabarlarçylar ýyldyzlaryň lybaslarynyň lowurdysyndan başlap, gymmat bahaly bezegleriniň öwüşginlerine çenli ýekeme-ýeke surata düşürmekden ýadamadylar.


düýn 20:25
8.3k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

düýn 16:55
5.2k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

27.06.2026 23:56
6.5k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

27.06.2026 11:31
2.1k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....