«Oskar» dabarasynda diňe iki aýdym janly ýerine ýetiriler

  • 31.01.2026 14:04
  • 2k+

15-nji martda geçiriljek «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynda «Iň oňat özboluşly aýdym» ugry boýunça dalaşgär görkezilen bäş aýdymyň diňe ikisi janly görnüşde ýerine ýetiriler. Bu barada Variety neşiri Kinematografiýa sungatlary we ylymlary akademiýasynyň hatyna salgylanyp habar berýär. Munuň sebäpleri hökmünde efir wagtynyň ýetmezçiligi we teleýaýlymyň gurluşyndaky üýtgeşmeler görkezilýär.
«Iň gowy original aýdym» kategoriýasyndaky dalaşgärler:

  • «Dear Me» («Daýan Worren: boýun egmezek» filminden)
  • «Golden» («Keý-pop: melgun awçylary» filminden)
  • «I Lied to You» («Günäliler» filminden)
  • «Sweet Dreams of Joy» («Viva Verdi» filminden)
  • «Train Dreams» («Otlularyň düýşleri» filminden)

Sahnada diňe «Golden» we «I Lied to You» aýdymlary ýaňlanar. Çeşmeleriň maglumatyna görä, bäş dalaşgäriň janly çykyşy şüweleňiň meýilnamasyna ýene, takmynan, 25 minut goşardy. Şertnama boýunça bolsa baýrak gowşurylyş dabarasy 3,5 sagat dowam etmeli.
2025-nji ýylyň ahyrynda Netflix platformasy «Keý-pop: melgun awçylary» (K-Pop: Demon Hunters) multfilmine 500 milliondan gowrak adamyň tomaşa edendigini mälim etdi. Bu eser — strimingiň taryhynda iň köp tomaşa edilen doly göwrümli filmdir. Altyn globus baýragynda bu multfilm «Iň oňat animasion film» we «Iň oňat aýdym» ugurlarynda ýeňiji boldy.


şu gün 11:31
257

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.3k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
12k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....