YouTube “Oskary” ýaýlymda görkezmek hukugyny satyn almak isleýär

  • 20.08.2025 08:52
  • 2.7k+

YouTube “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasyny ýaýlyma bermek üçin hukuk satyn almaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada iki çeşmä salgylanyp, Bloomberg habar berýär.

Neşiriň bellemegine görä, barha abraýyny ýitirýän dabaranyň iň uly wideohostingde ýerleşdirilmegi oňa bolan gyzyklanmany artdyryp bilerdi.

“YouTube – dünýäde iň köp görülýän wideoplatforma we hakyky media şasy. Ol auditoriýany kepillendirip, global platformany teklip edip biler” – diýip, Bloomberg belleýär.

Gutarnykly çözgüt entek kabul edilmedi. Dabarany görkezmek hukugy üçin NBCUniversal (Comcast) we Netflix ýaly teleýaýlymlar we akym platformalary-da göreşýär.
Tas ýarym asyryň dowamynda “Oskar” Disney-e degişli bolan ABC teleýaýlymy tarapyndan ýaýlyma berildi. Bu şertnama 2028-nji ýyla çenli hereket edýär. Häzirki wagtda Kinosungat akademiýasy birnäçe dalaşgär bilen gepleşikleri geçirýär.


şu gün 11:31
257

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.3k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
12k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....