10 kategoriýa boýunça Oskar baýragyna dalaşgärleriň gysga sanawy yglan edildi

  • 19.12.2024 13:08
  • 3.3k+

Amerikanyň Kino sungaty akademiýasy 10 kategoriýa boýunça “Oskar” baýragyna dalaşgärleriň gysga sanawyny yglan etdi. Olaryň arasynda iň oňat halkara film, saundtrek, dokumental we gysga metražly işler, şeýle hem grim, ses we wizual effektler üçin baýrak almak ugrunda dalaş edýänler bar.

“Iň gowy halkara film” kategoriýasynda 15 film görkezilýär. Beýlekiler bilen bir hatarda, iri halkara festiwallarynda eýýäm baýrak alan filmler heýkel almak ugrunda bäsleşer. Olar fransuz režissýory Žak Odiaryň “Emiliýa Peres”, eýranly Mohammad Resulofyň “Mukaddes injiriň tohumy”, senegally Mati Diopyň “Dagomeý”, braziliýaly Walter Sallesiň “Men henizem bärde” we islandiýaly Baltasar Kormakuryň “Galtaşma” filmleridir. Sanawda Angliýanyň, Daniýanyň, Italiýanyň, Kanadanyň, Latwiýanyň, Norwegiýanyň, Palestinanyň we Taýlandyň filmleri hem bar.
“Iň oňat asyl sauntrek” kategoriýasynda “Bäsdeşler”, “Konklaw”, “Ýabany robot”, “Bitljus Bitljus” we “Tapmaça 2” filmleri üçin aýdym ýazan kompozitorlaryň arasynda bäsleşik bolar.
“Gara gutynyň gündelikleri”, “Dagomeý”, “Frida”, “Golliwudgeýt” we “Farfor söweşi” “Iň oňat dokumental film” adyny almak ugrunda bäsleşer.
“Oskar”  baýragynyň 97-nji gowşurylyş dabarasy 2025-nji ýylyň 2-nji martynda geçiriler. Çäräni amerikaly meşhur wäşi Konan O'Braýen alyp barar.


27.06.2026 11:31
2.1k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2.1k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
19k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....