"Oskaryň" gowşurylyş düzgünleri üýtgedi: indi aktýorlara bir kategoriýada iki gezek dalaşgär bolmaga rugsat berilýär

  • 02.05.2026 18:25
  • 3.7k+

Amerikan kino akademiýasy "Oskar" baýragynyň gowşurylyşynyň düzgünlerine üýtgetmeler girizdi. Täze düzgünler 2027-nji ýylda geçiriljek baýragyň 99-njy gowşurylyş dabarasyndan başlap güýje girer.

Aktýorlar indi öz işlerine iň gowy bäşligiň arasynda ses berilse, bir kategoriýada birnäçe gezek dalaşgär bolup bilerler. Diňe titrlerde görkezilen we aktýorlaryň razylygy bilen ýerine ýetirilen keşpler göz öňünde tutular.

"Iň gowy ssenariý" kategoriýasy üçin diňe adam tarapyndan ýazylan tekstlere serediler. Akademiýanyň emeli aňyň ulanylyp-ulanylmandygy we awtorlyk derejesi barada maglumat soramaga hukugy bardyr.

Halkara film kategoriýasynda bir ýurtdan birnäçe film dalaşgär görkezilip bilner. Alty sany uly kinofestiwalyň: Kann ("Altyn palma şahasy"), Wenesiýa ("Altyn arslan"), Berlin ("Altyn aýy"), Sandens (Dünýä kinosynyň Gran-prisi), Toronto ("Platforma" baýragy) ýa-da "Pusan" (iň gowy film baýragy) festiwallarynyň ýeňijileri üçin dalaşgärlige awtomatiki  görkezilmek göz öňünde tutulýar. Dalaşgärlik filme berilýär we baýrak režissýoryň eline berilýär.

Beýleki üýtgeşmeler:

"Iň gowy kasting" - üç baýrak göz öňünde tutulan.

Iň gowy operatorlyk işi – 20 filmden ybarat gysga sanaw kesgitlendi

"Iň gowy grim we saç bezegi" - hünärmenleriň ara alyp maslahatlaşmalaryna hökmany gatnaşmak girizildi

"Iň gowy wizual effektler" - ses bermek üçin prezentasiýa materiallaryna göz aýlamak talap edilýär
 


15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
17k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....