“Altyn malina” anti-baýragyna dalaşgärler yglan edildi. Sanawda “Joker”, Ledi Gaga we Koppola

  • 24.01.2025 17:34
  • 6.2k+

“Altyn malina” anti-baýragynyň guramaçylary 2024-nji ýylda kino pudagyndaky şowsuzlyklar üçin berilýän baýraga dalaşgärleri atlandyrdy. Baýragyň ýubileý, 45-nji gowşurylyş dabarasy 1-nji martda, “Oskar” baýragynyň öňüsyrasynda geçiriler diýip, Variety habar berýär.

Iň köp – ýedi – nominasiýa alan film “Joker: Iki adamlyk telbelik” (Джокер: Безумие на двоих) boldy. Todd Fillipsiň kartinasy “Iň ýaramaz film”, “Iň ýaramaz sikwel”, “Iň ýaramaz režissýorlyk” ýaly kategoriýalarda dalaş edýär. Baş keşpleri ýerine ýetiren Hoakin Feniks we Ledi Gaga iň ýaramaz aktýorlar hökmünde dalaşgär görkezildi.
“Borderlends” (Бордерлендс), “Hanym Kerep” (Мадам Паутина), “Reýgan” (Рейган) filmleri, şeýle-de Frensis Ford Koppolanyň “Megalopolis” (Мегалополис) filmi alty nominasiýa aldy.
Anti-baýrak 1981-nji ýylda Jon Uilson tarapyndan döredildi. Laureatlar Golden Raspberry Award Foundation gaznasynyň, takmynan, 500 agzasy tarapyndan saýlanýar. Baýrak hökmünde altyn reňk bilen boýalan plastik malina miwesi berilýär. Onuň bahasy 5 dollardanam arzan. Baýragy laureatlaryň hut özüniň alyp gidýän wagty seýrek bolýar.


düýn 23:58
689

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
9.3k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 08:26
6k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....