«Bir söweşden soň beýleki» Pol Tomas Andersona karýerasyndaky ilkinji «Oskary» getirdi

  • 16.03.2026 11:02
  • 1.3k+

Häzirkizaman amerikan kino sungatynyň ykrar edilen klassygy Pol Tomas Anderson «Iň gowy režissýor» kategoriýasynda ilkinji gezek «Oskar» baýragyny aldy. Ol bu baýraga «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmi üçin mynasyp görüldi.

Amerikan kino sungaty we ylymlar akademiýasynyň 98-nji baýrak gowşurylyş dabarasy 16-njy martda irden Los-Anjelesde geçirildi.

«Iň gowy režissýor» nominasiýasynda Anderson bilen bilelikde Hloýa Çžao («Hamnet: Gamlete ylham beren hekaýat»), Joş Sefdi («Marti Beýik»), Ýoakim Trier («Sentimental gymmatlyk») we Raýan Kugler («Günäliler») dalaş etdi.

Mundan ozal režissýor 11 gezek «Oskar» baýragyna hödürlenipdi, emma bir gezek hem ýeňiji bolmandy. «Bir söweşden soň beýleki» filmi üçin gazanylan ýeňiş onuň üçin ilkinji boldy. Bu film onuň režissýorlyk karýerasyndaky onunjy filmidir. Şeýle hem Anderson bu film üçin «Iň gowy film» we «Iň gowy adaptirlenen ssenariý» ugrundaky baýraklary hem aldy.

«Bir söweşden soň beýleki» atly satiriki uruşly film Tomas Pinçonyň «Waýnlend» romanyna esaslanýar we öňki çepçi radikal Pet (Leonardo Di Kaprio) barada gürrüň berýär. 16 ýyldan soň, ol gyzyny öňki duşmany bolan polkownik Lokjodan (Şon Penn) goramaga mejbur bolýar. Film alternatiw Amerikada dönüklik, diri galmak ugrundaky göreş we syýasy ekstremizm temalaryny gozgaýar.

Umuman alanyňda, «Bir söweşden soň beýleki» filmi hödürlenen 13 nominasiýasynyň 6-sy boýunça «Oskar» baýragyny almagy başardy.


27.06.2026 11:31
2.1k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2.1k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
19k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....